Новости

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY

    Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly tamamlanyp barýar. Biz il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmekde ýokary netijeler gazanylan 2016-njy ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy täze belentliklere çykarjak 2017-nji ýyly uly ruhubelentlik bilen garşylaýarys. Täze ýyl Gündogar müçenamasy boýunça takyk ýyly. Towuk türkmenlerde ýedi hazynanyň biri hasaplanýar. Goý, takyk ýyly her bir maşgala abadançylyk we rysgal-döwlet getirsin! Berkarar Watanymyzy ösdürmekde, milli gymmatlyklarymyzy baýlaşdyrmakda 2016-njy ýylda hem tutumly işler amala aşyryldy. «Döwlet adam üçindir!» diýen syýasaty alyp barýan berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini ösdürmäge, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga itergi berjek köpsanly iri desgalar guruldy. Biz geçen ýyl paýtagtymyz Aşgabatda Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny, Halkara howa menzilini, «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň «Paýtagt» dolandyryş merkezini, birnäçe lukmançylyk merkezlerini, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel toplumyny, Gökdepe etrabynyň Kärizek geňeşliginde Aba Annaýew obasyny, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini ulanmaga berdik. Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky, Lebap welaýatynyň Garabekewül we Mary welaýatynyň Mary etraplarynda döwrebap obadyr şäherçeleri dabaraly ýagdaýda açdyk. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem täze kottejler toplumyny, ýaht-kluby we bäş ýyldyzly myhmanhanany ulanmaga berdik. Ýaňy-ýakynda bolsa, iri desgalaryň ýene-de birini  «Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň» birinji tapgyry bolan Atamyrat — Ymamnazar —Akina bölegini işe girizdik. Türkmeniň bereketli topragynda tebigy baýlyklaryň egsilmez gorlary bar. Biz bu baýlyklary halkymyzyň bähbidine, bütin adamzadyň hatyrasyna gönükdirmäge çalyşýarys. Merdana daýhanlarymyz hem tamamlanyp barýan ýylda gallanyň we pagtanyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Watan harmanyna 1 million 600 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý, 1 million 100 müň tonnadan hem köp «ak altyn» tabşyrdylar. Telekeçiler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar. Daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan we beýleki döwletlere iberilýän, bäsleşige ukyply önümleriň önümçiligini barha ösdürýärler. Biz geljekde hem ykdysadyýetimiziň bu ulgamyny höweslendirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns bereris. Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Geçip barýan ýylda ýurdumyzyň saglyk ulgamyny hil taýdan täze derejä çykarjak giň gerimli özgertmeler amala aşyryldy. Häzirkizaman hassahanalary we saglyk merkezleri guruldy. Geljegimiz bolan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe bermek, olaryň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmeklerini gazanmak hem örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ýurdumyzda netijeli işler alnyp barylýar. Ylmy ösdürmek, ylmyň we tehnikanyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak halk hojalygyny ösdürmegiň netijeli usuly bolup durýar. ХХI asyr — ylym asyry hasaplanýar. Sebäbi, döwleti ösdürmek ylmy ösdürmek bilen aýrylmaz baglydyr. Şoňa görä-de, biz ylmy-tehniki we innowasion maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýäris. Bedenterbiýe we sport ulgamy boýunça hem geçen ýyl ýurdumyzda düýpli işler amala aşyryldy. Türgenlerimiziň halkara ýaryşlarynda gazanýan üstünlikleri biziň tagallalarymyzyň ýerine düşýändigini aýdyň görkezýär. Biz sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmek boýunça geçirýän işlerimizi geljek ýylda has-da giňelderis. Nesip bolsa, täze ýyl Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Bu Oýunlary ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek boýunça alyp barýan işlerimizi hem güýçli depginde dowam ederis. Geçip barýan ýyl Bitarap döwletimiz üçin halkara hyzmatdaşlygynda hem örän netijeli boldy. Berkarar Watanymyz indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň wise-başlyklygyna saýlandy. Türkmenistanyň bu abraýly Guramanyň ençeme ýöriteleşdirilen edaralaryna we komissiýalaryna, ýaňy-ýakynda bolsa, Energetika Hartiýasynyň Başlyklygyna saýlanmagy halkymyz we döwletimiz üçin örän uly mertebedir. Bu mysallar bitarap döwletimiziň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň, netijeli daşary syýasaty alyp barýandygynyň aýdyň mysalydyr. Biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Birleşen Milletler Guramasy bilen hemişe netijeli gatnaşyklary ösdüreris. Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda Ýaşulularyň nobatdaky maslahatyny ýokary derejede geçirdik. Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasy rejelenen görnüşde kabul edildi. Biz Esasy Kanunymyza laýyklykda, özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gideris, il-ýurt bähbitli işlerimizi täze ýylda hem üstünlikli alyp bararys. Raýatlarymyzyň azatlyklaryny we hukuklaryny üpjün ederis. Hormatly watandaşlar! Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda medeniýeti ösdürmek, milli mirasymyzy baýlaşdyrmak boýunça hem netijeli işler amala aşyryldy. Biz Mary welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirdik. Bu çäreler asyrlardan gözbaş alýan ruhy mirasymyzyň hem-de milli medeniýetimiziň özboluşly baýramyna öwrüldi. Nesip bolsa, täze ýyl Medeniýet hepdeligini gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçireris. Bitarap döwletimiziň medeni syýasaty dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekden, medeni hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr. Daşoguz şäheriniň 2016-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň, ýurdumyzda dostlukly döwletleriň Medeniýet günleriniň geçirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türki dilli döwletler bilen doganlyk gatnaşyklarymyzyň gerimi hem barha giňelýär. Şu ýyl ýurdumyzda geçirilen çärelere doganlyk döwletleriň wekilleri, türki dilli ýurtlarda geçirilen çärelere bolsa, sungat ussatlarymyz işjeň gatnaşdylar. Biz bu gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdüreris. Hormatly adamlar! Men ýagşy umyt-arzuwlar bilen garşy alýan 2017-nji ýylymyzyň hem uly ösüşleriň, ruhubelentligiň we üstünlikleriň ýyly boljakdygyna berk ynanýaryn. Täze ýylda il-ýurt bähbitli maksatnamalarymyzy, uly tutumlarymyzy amala aşyrmakda mähriban halkymyň yhlasly we tutanýerli zähmetine bil baglaýaryn. Nesip bolsa, 2017-nji ýylda biz Ýaşulularyň maslahatyny Ahal welaýatynda geçireris. Pähim-paýhasly ýaşulularymyz bilen ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň aýdyň ýoluny görkezjek döwletli maslahat ederis. Öňde duran möhüm wezipelerimizi kesgitläris. Ýaşulularyň şu ýyl Aşgabatda geçirilen maslahatynda belleýşim ýaly, 2017-nji ýyl uly taryhy wakalara beslener. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary şol wakalaryň arasynda örän möhüm ähmiýete eýe bolar. Saýlawlara ilkinji gezek syýasy partiýalaryň üçüsiniň, ýagny Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Agrar partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň gatnaşmagy onuň ýokary derejede bäsleşikli geçmegini üpjün eder. Men Prezident saýlawlarynyň biziň raýatlarymyzyň durmuş-syýasy işjeňligini we kämilligini has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn! Her ýylda bolşy ýaly, biz Täze ýylda hem mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak meselesine aýratyn üns bereris. Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň möçberlerini ýene-de köpelderis. Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Şu ýyl biz ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyny uly dabaralara besläp, giňden belläp geçdik. Ýurdumyz çärýek asyryň içinde müňýyllyklara barabar ýol geçdi. Syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda ynamly ösýän, abraýly döwletleriň biri hökmünde dünýäde ykrar edildi. Hormatly watandaşlar! Ýene sanlyja minutlardan biz Täze – ýyla gadam basarys. Goý, 2017-nji ýyl ata Watanymyz we mähriban halkymyz üçin asudalygyň hem-de abadançylygyň, rowaçlyklaryň we üstünlikleriň ýyly bolsun! Täze ýylda size berk jan saglyk, halal ojaklaryňyza agzybirlik we rysgal-bereket arzuw edýärin! Täze – 2017-nji ýylyňyz gutly bolsun, eziz watandaşlar!

  • TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ WE DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ BILELIKDÄKI MEJLISI

    Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlise welaýatlaryň häkimleri hem çagyryldy. Hormatly Prezidentimiz mejlisiň barşynda şu ýyl alnyp barlan işleriň gysgaça jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar bolup geçýär. Halkara pul gaznasynyň berýän maglumatlaryna görä, ösýän ýurtlaryň köpüsinde ykdysadyýetiň ösüş depgini haýallady. Bu ösüş häzir pes bolmagynda galýar. Bu bolsa daşarky ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy, abadançylykly ösüş döwründe pul, býujet we karz syýasatynyň örän pes derejede alnyp barylmagy netijesinde emele geldi. Şeýle hem, köplenç dürli görnüşdäki döwlet maýasynyň peýdasyna bazar özgertmelerinden ýüz öwrülmegi bilen ykdysadyýetiň gowşamagy zerarly ýüze çykdy. Ilki bilen köp mukdardaky hususy we döwlet bergileriniň bolmagy çykdajylaryň, aýratyn-da, ykdysadyýetiň ösmegine ýardam bermeli düýpli maýa goýum çykdajylarynyň möçberlerini çäklendirýär. Onuň möçberleri (jemi içerki önüm babatda) dünýädäki maliýe çökgünliginden soň pese düşdi hem-de häzirlikçe çökgünlige çenli döwürdäki derejesine ýetip bilmeýär. Maýa goýumlarynyň möçberleriniň azalmagy hem zähmet öndürijiliginiň ösüşiniň peselmegine getirýär. Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän özgertmeleri göz öňünde tutup, biz kabul eden maksatnamalarymyzy öz wagtynda ýerine ýetirmek we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň pese düşmegine ýol bermezlik üçin zerur bolan çäreleri gördük diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 52 mejlisiniň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 13 mejlisiniň, döwlet derejesindäki dürli maslahatlaryň 44-siniň geçirilendigini belledi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlislerinde hem-de halkara derejesindäki duşuşyklarda çylşyrymly syýasy, ykdysady we durmuş meselelerine seredildi. Şol meseleler boýunça ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alnyp, degişli çözgütler kabul edildi we resminamalara gol çekildi. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň öz wagtynda hem-de dogry kararlary we çözgütleri kabul etmegi, şeýle hem biziň sazlaşykly, netijeli we maksada okgunly işleri alyp barandygymyz, mähriban halkymyzyň giňden goldamagy ykdysadyýetde hem-de daşary syýasatda oňyn netijeleri gazanmagymyzyň girewi boldy. Halkara pul gaznasynyň ýakynda ýurdumyzda bolan wekiliýeti biziň bu ugurda alyp barýan işlerimize oňyn baha berdi. Ykdysady ulgamda kabul eden çözgütlerimiziň we saýlap alan ýolumyzyň dogrudygyny tassyklady diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Netijede, çylşyrymly şertlere garamazdan, Garaşsyzlygymyzyň çärýek asyrlyk şanly baýramynyň bellenen ýylynda bize örän köp işleri bitirmek we köp sanly meseleleri çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Biz ýubileý bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirdik. 2016-njy ýylda göz öňünde tutan ähli işlerimiz diýen ýaly üstünlikli amala aşyryldy. Garaşsyz döwletimiziň rejelenen görnüşdäki Konstitusiýasy hem-de indiki ýyl üçin oýlanyşykly düzülen Döwlet býujeti kabul edildi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ilat üçin ähli durmuş ýeňillikleri saklanyp galdy. Halkymyz tebigy gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanýar. Jemagat hojalygy hyzmatlarynyň nyrhlary hem ujypsyz bolmagynda galýar. Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik üçin hem zerur çäreler görüldi. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary ýene-de 10 göterim köpeldildi. Aýlyk zähmet haklaryny tölemek bilen bagly hem hiç hili mesele ýok. Biz şu ýyl umumy bahasy 5 milliard amerikan dollaryndan hem geçýän 202 sany desgany işe girizdik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şol desgalaryň hatarynda Aşgabatdaky Halkara howa menzilini, «Türkmenistan–Owganystan–Täjigistan» demir ýolunyň öz güýjümiz bilen gurlan birinji tapgyryny, «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň dowam etdirilmegini, Lebap welaýatyndaky kuwwatly elektrik stansiýasyny, Oguzhan adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň binalar toplumyny görkezmek bolar. Şu ýyl ýurdumyz boýunça umumy meýdany 1 million 700 müň inedördül metrden hem geçýän ýaşaýyş jaýlarynyň, köpsanly çagalar baglarynyň, mekdepleriň, lukmançylyk edaralarynyň we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň ulanylmaga berilmegi aýratyn şatlyk duýgularyny döredýär diýip, döwlet Baştutanymyz guwanç we buýsanç bilen belledi. Hormatly Prezidentimiz alnyp barlan halkara işleriniň netijelerini jemläp, şu ýyl ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň daşary ýurtlara 8 saparynyň amala aşyrylandygyny belledi. Şeýle hem daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň döwletimize 10 sapary bolup geçdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti bilen daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň resmi wekilleriniň, ministrler derejesindäki resmi adamlaryň, halkara hem-de sebit guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýurdumyzda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlarynyň şeýle-de dürli halkara korporasiýalarynyň hem-de kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň köpsanly duşuşyklary geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, şu ýyl Bitarap döwletimiz indi bäşinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna, bu guramanyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (EKOSOS-yň) üç sany toparyna saýlandy. Paýtagtymyzda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini hem-de şu mesele boýunça Aşgabat Jarnamasynyň kabul edilmegini, ýaňy-ýakynda bolsa Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagyny biziň diplomatiýamyzyň uly üstünligi hasaplap bolar. Döwlet Baştutanymyz bu wakalaryň Bitarap Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenen ýylynda aýratyn şan-şöhrata eýe bolandygyny aýtdy. Şeýlelikde, Bitarap Türkmenistan sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmäge, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de hyzmatdaşlyk ýagdaýyny döretmäge uly goşant goşdy we goşmagyny dowam edýär. Umuman, 2016-njy ýylda syýasy we ykdysady häsiýetli köpsanly dürli ýaramaz hem-de oňyn ýagdaýlaryň bolandygyna, şu ýylyň ähli döwletler üçin örän kynçylykly gelendigine garamazdan, biz ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokary, ýagny 6,2 göterim bolmagyna garaşýarys. Ýubileý ýylynyň jemlerine baha berenimizde, umuman, 2016-njy ýyl kynçylykly bolsa-da, Garaşsyz Watanymyz we mähriban halkymyz üçin oňat ýyllaryň biri boldy diýip, ynam bilen aýdyp bileris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz çykyşyny dowam edip, mejlise gatnaşyjylara geljek ýyl biziň üçin örän möhüm bolan iki sany çäräniň bardygyny ýatlatdy. Bu çäreler Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hem-de V Aziýa oýunlary bolup durýar. Bu çäreler hem örän ýokary derejede we guramaçylykly geçirilmelidir. Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyl mundan ozal binýadyny goýan demokratiýanyň esaslary ýolbaşçylaryň saýlawlylygyny, häzirki aýanlyk şertlerinde aýdylyşy ýaly, her bir adamyň erk-islegini erkin beýan etmegini aňladýar. Bu meseleleriň ählisi biziň däp-dessurlarymyzda we kada - kanunlarymyzda öz beýanyny tapdy. Şonuň üçin hem, Prezident saýlawlary ýurdumyzyň ähli ýerinde guramaçylykly we tertip-düzgüne laýyklykda geçirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak V Aziýa oýunlary barada aýdyp, dünýä derejesindäki şeýle örän uly sport çäresini ilkinji gezek geçirýändigimizi belledi. Soňa görä-de, Berkarar Watanymyzyň at-abraýy hem, ýurdumyzda geljekki ýokary derejeli ähli sport çäreleriniň geçirilmegi hem biziň bu Oýunlary nähili geçirendigimize bagly bolar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz her ýyl üçin belli bir şygary öňe sürýändigimizi, munuň bolsa, bellän belent maksatlarymyza tarap okgunly öňe gitmäge bize ýardam berýändigini belläp, geçiriljek öňde duran çäreleri göz öňünde tutup, geljek ýyly «Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly!» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Mämmedowa, S.Toýlyýewe ýüzlenip, geljek ýylyň iň oňat nyşanyny döretmek ugrunda bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy. Bäsleşikde iň gowy diýlip saýlanyp alnan nyşany metbugatda we telewideniýede ýerleşdirmeli. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirip, Täze ýyl baýramynyň bellenilýän günlerinde nobatçylygy guramak bilen bagly meselä seretmegi, şol sanda nobatçylyk etmegiň tertibini işläp taýýarlamagy hem-de degişli maglumatlary wise-premýer S.Satlykowa bermegi tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz S.Satlykowa baýramçylyk günlerinde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Şol günler her bir häkimlik, ministrlik we pudak edarasy boýunça nobatçylar bellenilmelidir. Döwlet Baştutanymyz jemagat hojalygy gullugynyň, elektrik energiýasy we suw üpjünçilik gulluklarynyň, hassahanalaryň, ýolagçy awtoulaglarynyň, dükanlaryň bökdençsiz we talabalaýyk işlemegini guramagyň möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, baýramçylyk günleri raýatlarymyz oňat dynç alar ýaly we ony ýokary derejede belläp geçer ýaly, ähli ýerlerde tertip-düzgüniň pugta berjaý edilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň ahyrynda geljek ýylda bize köpsanly halkara wakalarynyň garaşýandygyny, maslahatlaryň we duşuşyklaryň geçiriljekdigini belledi. 2017-nji ýylda Prezident saýlawlary geçiriler, täze ýolbaşçylar işe girişerler. Olar milli-watançylyk maksatlary durmuşa geçirmeli bolarlar, jemgyýetiň abadançylygy hakda alada etmeli bolarlar. Goý, Täze ýyl üstünlikli we düşümli ýyl bolsun! Bu üstünlikler ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen nobatdaky ädimler bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bilelikdäki mejlise gatnaşyjylaryň ählisine işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Soňra döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramynyň şu gezek ýekşenbe gününe gabat gelýändigi üçin ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyl baýramyny giňden belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky dynç gününi 2-nji ýanwara, ýagny duşenbe gününe geçirmek barada karara gelendigini aýdyp, «Täze ýyl baýramy mynasybetli dynç gününi geçirmek hakyndaky» Permana gol çekdi. Soňra döwlet Baştutanymyz hökümet agzalaryna we Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylara çykyş etmek üçin söz berdi. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B. Hojamämmedow garamagyndaky ministrliklerde we pudak edaralarynda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny kämilleşdirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen işleri pudaklary döwrebaplaşdyrmaga, maliýe ulgamyny kämilleşdirmäge, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigi barada aýdyp, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere ähli bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän çäreler, senagat pudagyndaky önümçilik kärhanalarynyň birnäçesiniň üznüksiz işini üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, baýramçylyk günlerinde işleýän pudaklaýyn kärhanalarda zähmet düzgün-nyzamynyň pugta berjaý edilmegine berk gözegçilik edilmeginiň, munuň üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew toplumlarda Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk, şol sanda baýramçylyk günlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we durmuş maksatly desgalaryň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl baýramynyň dabaralara beslenýän günlerinde ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynyň we gulluklarynyň bökdençsiz işlemegi hem-de sazlaşykly işini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleriň görülmelidigi barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, pudagyň ähli kärhanalary tarapyndan Täze ýyl baýramçylyk söwdasyny, şol sanda goşmaça we göçme söwda nokatlaryny guramak boýunça alyp barýan işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl sowgatlaryny, sowgatlyklary, şeýle hem baýramçylyk saçagyna azyk önümlerini almak üçin dükana gelen adamlaryň baýramçylyk ruhunyň esasyny düzýän alamatlaryň biri hökmünde alyjylara hyzmat etmegiň ýokary medeniýetiniň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz söwda düzgünleriniň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy. Minisitrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow oba hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gözegçillik edýän düzümlerinde Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň söwda bazarlarynda dürli önümleriň we azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy. Obasenagat toplumynyň we ýurdumyzyň azyk senagatynyň kärhanalarynda öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak we hilini ýokary derejede saklamak babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeler berildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işler barada hasabat berip, Täze ýyl mynasybetli meýilleşdirilen çärelerde lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün etmek babatda ýurdumyz boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl çäreleriniň geçiriljek ýerlerine köpsanly adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň ýygnanjakdygyny belläp, sanitar-epidemiologiýa we köpçülikleýin öňüni alyş işlerine üns bermek barada görkezme berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa Täze ýyl baýramy mynasybetli paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň merkezi meýdançalarynda we medeni merkezlerinde geçiriljek dabaralara hem-de konsertlere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Täze ýyl dabaralarynyň we döredijilik çäreleriniň tutuş ýurdumyz boýunça ýokary derejede, ajaýyp baýramçylyga mahsus şadyýanlyk ýagdaýynda geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag-aragatnaşyk ulgamynda işleriň ýagdaýy, Täze ýyl baýramçylyk günlerinde olaryň sazlaşykly işini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulaglaryň ähli görnüşlerinde hyzmat etmegiň ýokary derejesini hem-de degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek meselelerini yzygiderli gözegçilikde saklamagy talap etdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýewiň hasabaty diňlendi. Wise-premýer baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň edara-kärhanalaryny we ilaty elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek barada görlen çäreler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň mynasyp durmuş şertleriniň döredilmegini ilkinji nobatdaky döwlet wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, wise-premýere meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýerine ýetirilmegine hem-de ýetip gelýän Täze ýylyň baýramçylyk günlerinde üznüksiz energiýa üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy. Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa ýerlerde deputatlaryň alyp barýan işleri, şeýle hem halkyň saýlan wekilleriniň Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryny taýýarlamaga gatnaşmagy barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwletimiziň durmuş syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda deputatlaryň ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary hem-de ilat bilen netijeli gatnaşyklary saklamakda möhüm ornuny nygtady. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek maksady bilen, şu ýylyň netijelerini jemläp, 2017-nji ýyl üçin meýilnamalaryň üstünde işlenilýändigini habar berdi. Täze ýyl baýramy mynasybetli guralýan dabaralara daşary ýurtlardaky ilçilerimiziň hem-de daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik korpusynyň wekilleriniň gatnaşýandygy hem aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ägirt uly üstünliklerini wagyz etmek boýunça ýurdumyzyň diplomatlarynyň alyp barýan işleriniň örän wajypdygyny belläp, Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine pugta ygrarly bolan Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynyň gerimini örän giňeldendigini kanagatlanma bilen belledi. Bu bolsa halkara gatnaşyklar ulgamynda ýurdumyzyň ornunyň ýokarlanmagyna hem-de onuň abraýynyň artmagyna ýardam etdi. Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan we milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga, Garaşsyz türkmen döwletiniň howpsuzlyk we durnukly ösüş esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň möçberli harby özgertmeleri durmuşa geçirmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň alyp barýan işleri, döwlet Baştutanymyzyň ýetip gelýän Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. Hormatly Prezidentimiz ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanda parahatçylyk we asudalyk ýagdaýyny gorap saklamakda Watanymyzyň gaýduwsyz goragçylarynyň ägirt uly goşandyna ýokary baha berip, döwletimiziň geljekde-de harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlaryna, ilkinji nobatda bolsa, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga we pugtalandyrmaga, harby gullukçylaryň hem olaryň maşgala agzalarynyň durmuş derejesini gowulandyrmaga aýratyn üns berjekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl mynasybetli dabaralaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, türkmenistanlylaryň baýramçylyk şatlygyna hiç bir zadyň päsgel bermezligi üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki mejlisiň barşynda Karara gol çekip, Döwlet Migrasiýa gullugyna Raýat Awiasiýasynyň Halkara Guramasynyň Açyk Açarlar Direktoriýasyna Türkmenistanyň goşulmagy bilen bagly işleriň bellenen tertipde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz welaýatlaryň ýolbaşçylaryna söz berdi. Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, täze—2017-nji ýyl mynasybetli çäreleri guramak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde Täze ýyl baýramyny adamlaryň şatlyk-şowhun bilen ýokary derejede garşylamaklary üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmelidigine ünsi çekip, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin işler, Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde kesgitlenen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyna aýratyn ähmiýet berip, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky, aýratyn-da, medeni-durmuş we senagat maksatly binalarda alnyp barylýan işleriň gözegçilikde saklanmalydygyna ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatda Täze ýyl baýramy mynasybetli göz öňünde tutulan medeni-köpçülikleýin çäreleriň hemmesiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow ýerlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda ýerleri geljek ýylyň hasylyna taýýarlamak hem-de Täze ýyla görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmek we ýerlerde alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz ýetip gelýän Täze ýyla göwnejaý taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew gündogar sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işler, şeýle hem Täze ýyl baýramyny ýokary derejede garşylamak maksady bilen görülýän guramaçylyk çäreleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň dürli pudaklarynyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Täze ýyl baýramy bilen baglanyşykly ähli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Soňra Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Oba milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň welaýatyň ilatynyň durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, welaýatyň ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigini aýtdy. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çärelerini guramak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Aşgabat şäheriniň häkimi M.Abilow paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede guramak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz ak mermerli Aşgabadyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk şähere öwrülmelidigini belläp, baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzyň arassaçylyk derejesi we düzgün-tertibiň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleri gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi. Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine ýurdumyzyň we mähriban halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

  • TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISI

    Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berildi, ol öz gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ähli pudaklaryň ösüşine yzygiderli gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, maliýe-ykdysady düzümleriň alyp barýan işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligiň zerurdygyny belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň berkidilmegine gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz senagatynyň kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz senagatynyň düzümleýin bölümleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Bellenilişi ýaly, nebitgaz ýataklaryny gözlemek, burawlamak we işläp taýýarlamak babatda ylmyň täze gazananlarynyň, täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, iri düzümleýin taslamalara, şol sanda Hazar deňziniň nebitgaz känleriniň özleşdirilmegine daşary ýurt maýadarlaryny çekmek, tebigy gazy daşary ýurt bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, önümleriň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumlaryny gurmak bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidir. Döwlet Baştutanymyz dünýäniň energetika ýurtlarynyň hataryna girýän Türkmenistanyň ägirt uly nebitgaz serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny, sebit we ählumumy möçberde durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiň möhüm şerti bolan energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleriniň oňyn çözgüdine ýardam etjekdigini aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde sebitlerde ak ekinlere ideg etmek, şol sanda gögeriş gazanylan ýerlerde suw tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, haşal otlara garşy göreşmek çäreleri alnyp barylýar. Oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýazky ekiş möwsümine taýýarlamak işleri dowam edýär. Wise-premýer maldarçylyk pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, şol sanda mallaryň baş sanyny hem-de önüm berijiligini artdyrmak, ilatyň et we süýt önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada-da habar berdi. Mallary dok hem-de ýyly gyşlatmak, mallar we çopanlar üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň we Azyk senagaty döwlet birleşiginiň maldarçylyk hojalyklarynda şu ýyl 171 müň 618 tonna dürli görnüşli ot-iýmler taýýarlanylyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama doly ýerine ýetirildi. Bu babatdaky üpjünçiligi mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen maldarçylyk hojalyklarynyň meýdanlarynda ot-iýmlik ekinler ekildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini belledi hem-de geljek ýylyň bol hasylynyň möhüm şerti bolan agrotehniki kadalaryň degişli derejede alnyp barylmagyny berk talap etdi. Döwlet Baştutanymyz pagtany gaýtadan işlemek, tohumlyk serişdeleri taýýarlamak bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny tabşyrdy. Milli Liderimiz ýurdumyzda içerki bazary ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen, oba hojalyk pudagynyň önümçilik möçberlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, ýerlerde döwrebap maldarçylyk toplumlaryny döretmek we gaýtadan işleýän kärhanalary öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, olaryň önümçilik kuwwatlyklaryny, şol sanda himiýa senagatynda bu babatda geçirilen çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan Garlyk kaliý dökünlerini öndürýän dag magdan toplumyna bolan iş saparynyň netijeleri barada habar aýdyldy. Toplumyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Belarus Respublikasynyň “Belgorhimprom” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan Ylalaşyga laýyklykda alnyp barylýar. Saparyň barşynda desganyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň meýilnamada bellenilen möhletden yza galmagynyň sebäpleri jikme-jik öwrenildi hem-de seljerildi. Hususan-da, potratçy kärhanalarynyň zerur gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigi, desgalaryň anyk taslama maglumatlaryny almak boýunça kynçylyklaryň bardygy anyklanyldy hem-de bu barada baş potratça nägilelik bildirildi. Gurluşyk işlerini çaltlandyrmak üçin ýerli kärhanalaryň goşmaça kuwwatlyklary işe çekildi, işgärleriň sany artdyryldy, şeýle hem içerki bazarda zerur gurluşyk serişdeleri satyn alyndy. Häzirki wagtda bu ýerde tehnikalaryň ýeterlik mukdary işledilýär. Belarus tarapy ýerüsti desgalardaky ähli işleriň 2017-nji ýylyň 1-nji fewralyna, ýerasty işleriň bolsa 20-nji fewrala çenli doly tamamlanjakdygyny hem-de desganyň 31-nji martda ulanmaga beriljekdigini ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan üçin täze ägirt uly taslama bolan – kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhümdigini belledi. Bu desga ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasyna laýyklykda gurlup ulanmaga berilmelidir. Şeýle hem ol ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň doly durmuşa geçirilmegine, eksporta iberilýän senagat önümleriniň möçberleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Wise-premýere anyk bellikler aýdyldy we potratçy bilen has işjeň işleşmek barada görkezmeler berildi. Anyk borçnamalaryň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda degişli çäreleriň görülmelidigi bellenildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän iri möçberli işler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda täze ýollary, köprüleri gurmak, ýaşaýyş jaýlarynyň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak, ýanaşyk ýerleri bagy-bossanlyga öwürmek we abadanlaşdyrmak işleriniň geçirilmegine uly üns berilýär. Häkimlikler, ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde, Aşgabatda arassaçylygy saklamak, ýurdumyzyň baş şäherini gülläp ösýän künjege öwürmek boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça çäreleriň işjeň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtap, baş şäherimiziň ösen häzirkizaman şäher düzüminden başlap, arassaçylyk ýagdaýynyň üpjün edilmegine çenli ähli babatda nusgalyk bolmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ilata amatly hem-de abadan durmuş şertleriniň döredilmegi üçin mundan beýläk-de ähli zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň täze desgalaryň gurluşygy boýunça alyp barýan işleri, döwlet önümçilik kärhanalaryny hususylaşdyrmak, olary enjamlaşdyrmak we bäsdeşlige ukyply önümçiligi ýola goýmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýerli serişdeleri gaýtadan işleýän senagat kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi tarapyndan geçirilýän bäsleşikli söwdalarda hususylaşdyrylan dokma kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etmek boýunça teklipler hödürlendi. Munuň özi Türkmenabadyň dokalmaýan önümleri öndürýän fabrigi, Tejen şäheriniň pagta egirýän fabriginiň ikinji önümhanasy ýaly kärhanalardan ybaratdyr. Olary taslama kuwwatlygyna çykarmak üçin Döwlet haryt-çig mal biržasynyň üsti bilen pagta süýümi we pagta übtügi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Şeýle hem wise-premýer şeker önümçiligi boýunça täze kärhananyň gurluşygyny ýola goýmak babatda ýerine ýetirilen işler babatda hasabat berdi. Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Hyzmatdaşlar” açyk paýdarlar jemgyýetine Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda ýylda 120 müň tonna önüm öndürýän zawodyň gurluşygy üçin 15 gektar ýer bölünip berildi. Häzir ähli taslama işleri ýerine ýetirilip, desganyň binýady goýulýar. Ol Ýewropanyň ýokary tehnologiýaly häzirkizaman enjamlary bilen üpjün ediler. Gurluşyk-gurnama işleri 2018-nji ýylda tamamlanar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat desgalarynyň gurluşygynda we önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda ykdysadyýetiň telekeçilik ulgamynyň kuwwatynyň artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri makullap, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hojalyk hem-de işewür başlangyçlaryny mundan beýläk-de höweslendirmegiň zerurdygyny belledi we ýurdumyzyň kiçi we orta telekeçilik kärhanalarynyň netijeli işi üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow daşary ýurt döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýä jemgyýetçiliginiň maglumatlar eýýamyndaky ösüş derejesi bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek, şol sanda maglumat tehnologiýalaryň ýokary derejesini hem-de telekommunikasiýalaryň ösen ulgamynyň döredilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşary döwletleriň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmekde, bilim, lukmançylyk we beýleki ulgamlarda gazanan ylmy-tehniki üstünliklerini öwrenmegiň zerurdygyny belläp, 2017-nji ýylyň birinji ýarymy üçin daşary ýurtlarda çap edilýän döwürleýin neşirlere abuna ýazylyşygyny üpjün etmek baradaky Karara gol çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiziň garamagyna taryhy-medeni ýadygärliklerini aýawly gorap saklamak boýunça Gaznany döretmek hakyndaky Kararyň taslamasyny hödürledi. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli taryhy-medeni mirasymyz hakynda täze maglumatlary toplamak, olary saklamak, ylmy esasda öwrenmek we giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň taryhy, medeni ýadygärliklerini goramagy, saklamagy hem-de abatlamagy esasy ugur edinýän ýörite gaznany döretmek bilen baglanyşykly meseleler öwrenildi. Bu gaznany ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri, goramak, öwrenmek we abatlamak baradaky milli müdirliginiň ýanynda döretmek göz öňünde tutulýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyny aýawly saklamak meseleleriniň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny hem-de onuň degişli düzümleriň örän jogapkärli we sazlaşykly işini talap edýändigini belläp, degişli Karara gol çekdi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenistanda döwlet ýaşlar syýasatynyň 2015-2020-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” we ony ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 14-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanynda Ýaş alymlaryň merkezini döretmek boýunça wezipe kesgitlendi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, ýurdumyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine, zehinli ýaşlary gözleg işlerine çekmäge, olaryň täze ylmy açyşlara bolan gyzyklanmalaryny höweslendirmäge gönükdirilen bu merkeziň jemgyýetçilik başlangyjy esasynda döredilmegini göz öňünde tutýan Düzgünnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny doly derejede durmuşa geçirmegi, gözýetimlerini yzygiderli giňeltmegi, ýokary hilli bilim almagy, anyk netijeleri nazarlaýan ylym bilen işjeň meşgullanmagy, öňdebaryjy kämil tehnologiýalary özleşdirmegi üçin zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýaş ylmy işgärleri taýýarlamak ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täzeçil ösüş ýoluna düşen Watanymyzyň ylmy mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet maksatnamasynyň şu ugurda bar bolan wezipeleriň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendigini belläp, Ýaş alymlaryň merkezini döretmek, onuň işini degişli derejede guramak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz wise-premýerler S.Toýlyýewe we Ş.Durdylyýewe ýüzlenip, Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu babatda aýtmak bilen, ýokary okuw mekdebiniň täze fakulteti üçin binanyň gurluşygyna halkara bäsleşigini yglan etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny, onda olimpiýa derejesindäki ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanmaga ukyply türgenleri ýüze çykarmak we ylmy esasda taýýarlamak boýunça zerur işleriň alnyp barylmalydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda fakultet hakyndaky degişli Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak tabşyryldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň işi barada hem-de Türkmenistanyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyga saýlanmagy bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Möhüm ugurlardaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. 2007-nji ýylda döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 62-nji mejlisinde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça täze halkara –hukuk guralyny döretmek hakyndaky teklibi öňe sürdi. Şunuň bilen baglylykda, 2008-nji we 2013-nji ýyllarda Milletler Bileleşigi tarapyndan energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek baradaky ýörite kararnamalar kabul edildi. Olarda şu ulgam boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň esasy ugurlary we oňa bolan çemeleşmeler beýan edildi. Häzirki döwürde Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça giň halkara gatnaşyklary ýola goýuldy. Olaryň barşynda energiýa howpsuzlygy bilen baglanyşykly meseleler toplumyna garalýar. Iri halkara guramalary bilen özara gatnaşyklary yzygiderli ösdürýän ýurdumyz köpsanly duşuşyklaryň we iri maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Olaryň gün tertibine energetika boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary girizildi. Şunda Energetika Hartiýasy bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny aýratyn bellemeli. 2014-nji ýylyň dekabrynda Aşgabatda bu ýöriteleşdirilen düzüm bilen bilelikde “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi” atly Aşgabat forumy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 67-nji mejlisinde kabul edilen degişli kararnama laýyklykda, şu mowzuk boýunça bilermenleriň birinji halkara duşuşygy boldy. Energetika Hartiýasynyň goldaw bermeginde şeýle gatnaşyklary dowam etmek bilen bilermenleriň 2015-nji ýylda Brýusselde we Pekinde, şu ýyl bolsa Albaniýanyň paýtagty Tirana şäherinde ugurdaş duşuşyklary geçirildi. Bitarap Türkmenistan halkara gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürmek arkaly energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. Şu ýylyň 25-26-njy noýabrynda Tokioda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň mejlisiniň jemlerinde ýurdumyz 2017-nji ýylda şu guramanyň konferensiýasynyň Başlyklygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu baradaky borçnamalardan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, 2017-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda guralmagy meýilleşdirilen çäreleriň meýilnamasynyň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Olary ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli guramaçylyk komitetini döretmek boýunça Kararyň taslamasy taýýarlanyldy, ol döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanmagynyň ýurdumyzyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlanýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de tutuş dünýäde parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde wajyp meseleleriň netijeli çözülmegine işjeň gatnaşjakdygyny aýtdy. Ägirt uly energetika kuwwatyna eýe bolan we ony tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine ulanmaga çalyşýan ýurdumyz adamzadyň bähbidine kybap gelýän özara peýdaly hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça maksatnamalaýyn işleri amala aşyrýar. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalary we düzümleri bilen deňhukukly hem-de uzakmöhletleýin esasda ýola goýýan gatnaşyklary hut şu maksatlara gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýdyp, degişli resminama gol çekdi we ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Başlyklyk etmeginiň ýokary derejesini üpjün etmek babatda zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meseleler hakynda hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa meselelerine aýratyn ähmiýet berilýän möhüm sebit hem-de ählumumy meseleleriň netijeli çözgüdi boýunça başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, beýleki iri maslahatlarda, şol sanda 2012-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de- Žaneýro şäherinde geçirilen ýokary derejedäki “Rio+20” Bütindünýä duşuşygynda, Ýaponiýanyň Sendaý şäherinde geçirilen BMG-niň tebigy betbagtçylygyň howpuny peseltmek baradaky III Bütindünýä maslahatynda we 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde guralan VII Bütindünýä suw forumynda döwlet Baştutanymyz örän wajyp ähmiýetli teklipleri öňe sürdi. Bu ýerde Aral deňzini halas etmek bilen baglanyşykly meseleler hakyndaky başlangyçlary aýratyn bellemeli. Ýurdumyzda hem-de tutuş sebitde ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, bu ugurda netijeli gatnaşyklaryň berkidilmegine gönükdirilen öňdengörüjilikli we tebigaty goramak ähmiýetli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan Aral bilen baglanyşykly hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň howandarlygynda guralýan halkara maksatnamalaryna we çärelerine işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi babatda guramaçylyk hem-de beýleki meseleler bilen baglanyşykly çözgütler boýunça Kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täzeçil ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ýurdumyzda aýratyn üns berilýän ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça meseleleriň örän wajypdygyny belledi. Ykdysady we durmuş ulgamynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler maksatnamasy adamlaryň durmuş derejesiniň abadançylygynyň möhüm şertini emele getirýän ekologiýa meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ulgamda giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerýän Bitarap Türkmenistan anyk başlangyçlary öňe sürýär, iri taslamalary durmuşa geçirýär we sebit, ählumumy gün tertibine girizilen möhüm meseleleriň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri görýär. Şunda, Aral deňzini halas etmek, onuň çäklerinde durmuş-ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasyna başlyklyk etmeginiň möhüm meseleleriniň üstünde durup geçip, degişli Karara gol çekdi hem-de wise-premýerler R.Meredowa we R.Bazarowa bu ugurda zerur çäreleri geçirmek barada anyk görkezmeleri berdi. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir beýleki meselelerine garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, ýurdumyzyň ähli halkyna bolsa bagt we mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.

1 2 3