News

  • Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

    1941-1945-nji ýyllar XX asyrda parahat durmuşa we siwilizasiýa gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetine hem-de medeniýetine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren iň pajygaly, agyr we hasratly döwür hökmünde taryha girdi,-diýlip gutlagda aýdylýar. Şol gazaply ýyllarda türkmenistanlylar geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň, tutuş adamzadyň erkinligni hatyrasyna beýleki halklaryň wekilleri bilen egin -egne berip, gaýduwsyz göreşe girdiler. Ildeşlerimiz deňi-taýsyz gaýduwsyzlygyň , edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasyny görkezip, Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalar ýazdylar. 1418 gün dowam eden gazaply döwürde türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi söweş ýollaryny geçdiler, edermenligi we gaýduwsyzlygy üçin Gahryman adyna, orden-medallara mynasyp boldylar. Türkmenistanyň ilaty başdan-aýak erteki güne ynam baglap we Watana çäksiz söýgi bilen atyzlarda ýokary hasyl ýetişdirip, armany-ýadamany bilmän , jan aýamaýazakly zähmet çekip, Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Asudalygyň we maşgala abadançylgyny gorap saklan enelerimizdir mamalarymyz, zenanlarymyz Goranmak gaznasyna 7392 kilogram altyndyr kümüş şaý-sepleri tabşyryp,asyllylygyň nusgasyny görkezdiler we faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňşe mynasyp goşant goşdylar. Ondan bäri onlarça ýyl geçse-de, şol ýyllaryň gahrymançylygy ildeşlerimiziň edermenligine buýsanç döredip, häzirki günlerem ýüregimizde saklanýar, biz olaryň ölmez-ýitmez gaýduwsyzlygyna baş egip sarpa goýýarys,-diýlip gutlagda aýdylýar. Parahatçylyk, ynsanperwerlik we hoşmeýililik ýörelgelerine hemişe ygrarly Türkmenistanda Ýeňiş Baýramy giňden dabaraly bellenilýär. Biz gazaply söweş meýdanynda gaýdusyzlyk we edermenlik görkezen milli gahrymanlarymyzyň, tylda Ýeňşe goşant goşan şöhratly zähmetkeşlerimiziň hatyrasyny belent tutýarys. Ýeňiş Baýramynyň maksatnamasyna laýyklykda biz Watan ogullarynyň synmaz edermenligine, gaýduwsyzlygyna we batyrgaýlygyna çuňňur sarpa goýup, Aşgabatdaky „Halk hakydasy“ Ýadygärlikler toplumyna bahar güllerinden çemenler goýýarys. Ýurdumyzyň şäherlerindäki we obalaryndaky şol elhenç urşuň gahrymanlarynyň hatyrasyna bina edilen ýadygärliklerdir heýekllere-de gül desseleri goýulýar. Köpsanly baýramçylyk dabaralary- uzak garaşdyran Ýeňşe mynasyp goşant goşan urşa gatnaşan weteranlar, tylda zähmet çekenler, mähriban enelerimiz bilen duşuşyklar geçirilip, olar dabaraly ýagdaýda gutlanylýar, maslahatlar, konsertler, sport bäsleşikleri gurnalyp, bu çäreler ösüp gelýän ýaş nesilde ýokary ruhy-ahlak sypatlaryny kemala getirmäge, ýaşlary watanperwerlik, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemäge ýardam edýär. Sizi tüýs ýürekden Ýeňiş Baýramy bilen gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, parahat we bagtyýar durmuşda uzak ömür, Watanymyzyň abadabçylygynyň hatyrasyna işiňizde üstünlikler arzuw edýärin, --diýlip Prezidentimiziň gutlagynda nygtalýar.

  • Bildiriş

    Hormatly adamlar, özüňize we maşgala agzalaryňyza açylan Visa we Mastercard halkara bank kartlarynyň hasabyny, nagt we nagt däl milli pulda bir aýyň dowamynda 1.000 (bir müň) ABŞ-nyň dollarynyň çäginde doldurmaga bankymyza ýüz tutup bilersiňiz.

  • TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI MARY DES-NIŇ ZÄHMETKEŞLER TOPARYNYŇ AGZALARY BILEN DUŞUŞDY

    Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Marynyň DES-de işleriň ýagdaýy bilen tanyşmagynyň barşynda zähmetkeşler toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdi. Hormatly Prezidentimiz energetika senagatynyň kuwwatyny belläp, häzirki wagtda möhüm orun eýeleýän gaýtadan işleýän senagatyň mümkinçilikleriniň barha artýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz tebigy gazyň gaýtadan işlenilmeginiň halkara bazarynda uly islegden peýdalanýan önümiň öndürilýän möçberiniň artdyrylmagyny şertlendirjekdigini, munuň bolsa, öz nobatynda, ýurdumyza gelýän girdejiniň artmagyny üpjün etjekdigini belledi. Şeýlelikde, täze kuwwatlyklar, goşmaça iş orunlary peýda bolar. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyny, milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagyny şertlendirer. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy baradaky meselä ünsi çekip, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary tizlikli döwrebap derejedäki Aşgabat-Mary awtomobil ýolunyň gurluşygyna girişmek maksady bilen, degişli seljeriş işlerini ylmy esasda geçirmegiň zerurdygyny nygtady. Ylym-bilim ulgamyny, telekeçilik işlerini, önüm öndürilişini, maldarçylyk pudagyndaky işleri has-da ösdürmegiň wajypdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz häzir ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda tutanýerli zähmet çekýän köpsanly adamlaryň ägirt uly goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz garaşsyz ösüşiň geçen 25 ýylynyň içinde Türkmenistanda halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyny nygtady. Gysga döwrüň içinde ýurdumyz senagat taýdan ösen döwlete öwrüldi, daşary syýasatda uly üstünlikleri gazandy. Biz «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgeden ugur alýarys. Ýurdumyzyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýasynda hem jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr diýip belledik. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipesine öwrüldi. Şoňa görä-de, biz ýurdumyzda ähli zady adamyň hatyrasyna, raýatlarymyzyň bolelin we abadan durmuşda ýaşamagynyň, ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda ösüp ulalmagyna, mynasyp adamlar bolup ýetişmegine, ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň bähbidine gönükdirýäris diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şu belent maksatlarymyza ýetmek üçin, ýurdumyzy senagat taýdan ösen, dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwürmegi öz öňümizde wezipe edip goýduk. Bäsleşige ukyply, ýokary hilli harytlary halkara bazarlaryna has köp çykarmagy göz öňünde tutduk. Şeýle hem, ýurdumyza beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde giň gerim bilen öndürmegi meýilleşdirdik. Kabul eden maksatnamamyza laýyklykda ýurdumyzda elektron senagatyny döretmek boýunça hem netijeli işleri alyp bararys. Siziň gurluşygyny alyp barýan kärhanaňyz ýaly köp sanly iri zawod-fabrikleri geljekde hem giň gerim bilen gurarys. Nesip bolsa, göz öňünde tutan şu işlerimizi üstünlikli amala aşyryp, ýurdumyza köp möçberde daşary ýurt pul serişdeleriniň gelip gowuşmagyny üpjün ederis diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gazanylan pul serişdeleriniň durmuş ähmiýetli desgalaryň gurulmagyna, şeýle hem ilatymyzyň zähmet haklaryny, pensiýalaryny köpeltmäge, maşgalalara tölenýän döwlet kömek pullarynyň möçberini yzygiderli artdyrmaga gönükdiriljekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz häzirki gurulýan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň ýurdumyz üçin ähmiýetiniň uludygyny nygtady. Onuň ulanmaga berilmegi bilen, Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň umumy kuwwaty 2 esseden hem köp artar, ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligi has gowulanar, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylar öňkä garanda 1,5 esse azalar, artyk öndürilen elektrik energiýa daşary ýurtlara iberilip, goşmaça girdeji alnar. Kärhana doly işe girizilenden soň, bu ýerde 100-e golaý goşmaça iş orunlary dörediler. Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylardan we energetiklerden zähmet we dynç alyş şertleri, zähmet haklarynyň öz wagtynda berlişi bilen gyzyklanyp, bu ýere ýygnananlar bilen beýan edilen pikirleri we garaýyşlary ara alyp maslahatlaşdy hem-de olaryň sowallaryna, şol sanda ýurdumyzda geçiriljek Prezident saýlawlaryna degişli sowallaryna jogap berdi.

1 2 3