|
|
Türkmenistanyň "Prezidentbank" Täjirçilik banky
|
|
|
Bankyň ösüş ýoly
Türkmenistanyň XXI-nji asyr Altyn Asyrynda halkyň durmuş-hal ýagdaýynyň ýokarlandyrmagyny maksat edinip, Ýaşulularyň IX Döwlet maslahatynyň, Halk Maslahatynyň we Umumymilli „Galkynyş“ hereketiniň bilelikdäki mejlisinde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň 2000-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda N4549 belgili kararyna laýyklykda „Prezidentbank“täjirçilik banky döredildi. Bank Türkmenistanyň bütin dünýäde baky Bitarap Döwlet hökmünde abraýynyň artýan, ýurduň kop pudakly ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösýän döwründe döredi. Döredilen ilkinji gününden başlap bank Türkmenistanyň banklarynyň içinde öz mynasyp ornuny tapdy. Daşary ýurtlara haryt çykarýan we daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýerli önümçilikler bilen çalyşýan telekeçileri karzlaşdyrmak, şeýle hem degişli Hökümet maksatnamalary boýunça Türkmenistanyň raýatlaryna ipoteka karzlaryny bermeklik bankyň esasy ugry edilip saýlanyldy. Şu günki gün Türkmenistanyň „Prezidentbank“TB-y ipoteka karzlaşdyrmasy boýunça ýurduň bank ulgamynda öňdebaryjy orny eýeleýär.
Biziň Bankymyz- ýaş banklaryň biri, hünärmenleriň ortaça ýaşy 30-ýaş.
2006 –nji ýyldan başlap bankyň guramaçylyk düzümi düýpgöter täze görnüşe eýe boldy. Bank öz ösüş dowamlylygynda, özüne degişli ähli taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmaklyga şert döredip, bank önümlerini we hyzmatlar toplumyny köptaraplaýyn yzygiderli ösdürmek bilen ýyl-ýyldan müşderisiniň sanyny artdyryp gelýär. Munuň özi bank işgärleriniň sanynyň artmagyna getirip, döredilen gününden bäri işgärleriň sanynyň 14,5 esse ösmegine getirdi. Bankyň işiniň ösüşi we gazanan netijeleri banky dolandyrýan hünärmenleriň iş tejribesine, bilimine, sowatlylygyna, iş ukuplygyna bagly bolup durýar. Häzirki wagtda bankda işgärleriň geldi-geçerlik meselesi ýüze çykanok, sebäbi bank işgärleriniň bank işinde, hukuk we salgyt ugurlary boýunça bilim derejelerini artdyrmak bilen işgärleriniň zähmetini höweslendirmekligi öz öňünde maksat edip goýýar. Işgärleriň bilim derejelerini, iş ukuplylygyny ýylda geçirilýän synaglar arkaly bahalandyrýar.
Bank takyk bahasy 10,0 mlrd. manatdan ýokary bolan binany we esasy serişdeleri öz hususy erkin serişdeleriniň hasabyna gazandy. Çekilen serişdeleriň düzüminde hususy serişdeler bank işjeňliginiň özenidir. Hususy serişdeler dürli gaznalaryň we peýdanyň jemlenen görnüşinde maliýe serişdeleriniň ähmiýetli çeşmesi bolup çykyş edýär. Bank görkezijileriň ösmegi dünýäde belli tehnika öndürüjileriň önümleriniň bankda täzeden enjamlaşdyrylyp we kämilleşdirilip gurnalmagy bilen amala aşyrylýar, şunuň bilen birlikde müşderilere edilýän hyzmatlaryň hiliniň gowulanmagy , işgärleriň öndürüjilikli zähmetiniň ösmegini üpjün edýär. Aktiwleriň diwersifikasiýasy girdeji getirýän aktiwler karz gatnaşyklarynyň we hyzmatlaryň görnüşinde, şeýle-de adaty däl bank amallary we hyzmatlary bilen hususy serişdeleriň artmagyna getirýär.
Bank ukyplylygyny 2 sany derejede dolandyrýar. 1 –nji dereje ýagny merkezleşdirilen bank ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin hökmany ykdysady kadalaşdyryjylar TMB-y tarapyndan tassyklanyp, banklar tarapyndan ykdysady kadalaşdyryjylaryň bankyň öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek ukuplylygyny, hususy serişdeleriniň ýeterlikliligini häsiýetlendirýän ykdysady görkezijilerini gözegçilikde saklamagy, 2-derejeli merkezleşdirilmedik, ýagny bankyň aktiwleriniň we passiwleriniň ýerlikli sazlaşykly dolandyryp töwekgelçiligiň öňüni almakdan ybarat. Bank öz borçnamalaryny ýerine ýetirmek ukuplylygyny gözegçilikde saklap, häzirki, umumy we çalt ukyplylygynyň kadalaşdyryjylaryny bellenen çäklerden ep-esli ýokary ýerine ýetirýär.
Bankyň ösüşini esaslandyryjy karz amallary diňe aktiwleriň düzüminde agramly bölegi emele getirmän , bankyň girdeji düzüminiň agramly bölegini düzýär. Bank karzy Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň we düzgünleriň çäklerinde dolandyryp, taraplaryň ylalaşyklaryny göz öňünde tutup, karzy gaýtaryp bermek, möhletlilik, töleglilik, maksatlaýyn ulanylmak we üpjünçilik ýörelgelerinde amala aşyrýar. Karzlaryň göterim derejesi bankyň alyp barýan karz syýasatyna baglylykda karz toparynyň taýýarlamagynda we Müdüriýetiň başlygynyň tassyklamagynda kesgitlenýär. Bankyň karz bukjasynda karz goýumlarynyň agramly bölegi ipoteka karzlarydyr. Ipoteka karzlarynyň serişdeler bazasy TMB-y tarapyndan merkezleşdirilen serişdeleriň hasabyna karzlaşdyrylýar. Ipoteka karzynyň ösüşiniň barha ýökarlanmagynyň sebäbi, ministrlikleriň we pudak dolandyryş edaralarynyň öz işgärlerine we Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna ýokary amatlyklary bolan otaglaryň ýerleşişi gowlandyrylan ýaşaýyş şertleri has oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen düşündirilýär. Karz alyjynyň öýüň bahasynyň 10%-den az bolmadyk möçberini öz hususy serişdeleriniň hasabyna ýa-da 50%-i gurluşygy maliýeleşdirýän edara kärhanalaryň, ministrlikleriň hasabyna tölenen ýagdaýynda „Prezidentbank TB “-nyň ipoteka karzynyň şertlerine görä karzyň möçberi satyn alynýan jaýyň bahasyndan 90% ýa-da 50% -den artyk bolmadyk möçberinde karz bermekligi amala aşyrýar.
Ipoteka karzlary esasy bergini gaýtarmaklyga 5 ýyla çenli ýeňillik möhleti bilen berilýär. Şeýle-de ipoteka karz alyjylara talap edilýänçä toplama goýumyny açmaklyk hukugy berilýär, ol hasapdaky serişdeler ipoteka karzyny ýapmaklyga gönükdirilip biliner. Bankyň maýasynyň ýeterlilik kadalaşdyryjysynyň hasaby çykarlanda ipoteka karzynyň töwekgellik derejesi karzyň göwrümiň 50% -i düzýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylarynyň haýsy ýerde - şäherde ýa-da obalarda ýaşaýandygyna garamazdan, ýaşaýyş jaýyny satyn almaklyga ýeňillikli şert bilen uzakmöhletleýin karz bermek boýunça öňe süren wajyp meselesi ýurdumyzda ýaşaýyş jaý syýasatyny durmuşa geçirmekde täze öňe gidişlik boldy.
Şeýle-de bank diňe ýaşaýyş maksatly ipoteka karzy bermek bilen çäklenmän, telekeçilere Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýyş jaýlarynda we aýratyn duran gurnamalarda ýerleşen iş otaglaryny, dükanlary, ammar jaýlaryny satyn almaklyga, dünýä ülňülerine gabat gelýän, dünýä bazarynda bäsleşip biljek önümçiligi ösdürmeklige, ony giňeltmeklige gerek bolan ösen tehnologiýa enjamlaryny, çig mallary, önümçilik we ilata hyzmat ediş binalaryny gurmaklyga gönükdirip karzlary berýär.
Azyk garaşsyzlygyny, bolçulygyny ösdürmek syýasatynda bankyň belli bir derejede goşandy bar. Hormatly Prezidentimiz hususy telekeçiligi hemmetaraplaýyn höweslendirmegi özüniň geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugry diýip yglan etdi. „Guş Toplumy“ Türkmenistanyň guşçulyk önümleriniň bolçulygyny döretmegiň ýolynda ilkinji iri ädim boldy. Türkmenistanyň içerki bazarlaryny ýylda üç müň tonna guş önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen Toplum onuň eýeleriniň öz serişdeleriniň, şeýle hem bank karzynyň hasabyna döredildi. Karz akymy uzakmöhletli , örän ýeňillikli şertlerde açyldy we häzirki wagt taslamanyň 99,9 % -i maliýeleşdirildi. „Guş toplumy“ ilkinji önümi berip başlady we hil taýdan, elýeter bahasy bilen uly islege eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysady strategiýasy durmuş taýdan nazarlandyrylan häsiýetdedir. Karzyň durmuş mümkinçiligi onuň hereket etmeginiň köp ugurlarynda ýüze çykýar. Aslynda, karzlaryň ähli görnüşleriniň durmuş ugry bardyr. Sarp ediş karzynyň durmuş ähmiýeti has hem uludyr, sebäbi ol ilatyň ýaşaýyş derejesiniň çalt ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Bank öz aktiwlerini Türkmenistanyň bir banklarynyň esaslyk maýasyna ornaşdyryp, gymmat baha kagyzlaryndan hasaplanan diwidentleri alýar. Geljekde bank öz paýnamasyny artdyrmagy meýil edinýär. Bank diňe bank amallaryny maliýeleşdirmek bilen çäklenmän, öz işgärleri üçin has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan 2 sany ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny hem maliýeleşdirýär.
Bank hemişe pul dolanşygyny gowulandyrmak, pul serişdelerini doly we özwagtynda banklaryň kassalaryna gaýtarmak maksady bilen, hyzmat edilýän edaralarda, kärhanalarda kassa düzgünleriniň dogry alnyp barlyşyny gözegçilikde saklaýar. Milli pul birligi –manadyň hümmetiniň durnuklygyny ýokarlandyrmak bilen bank pul dolanyşygynyň toplumynda nagt däl görnüşde pul dolanşygyny kadalaşdyrmak üçin şert döredýär. 2008-nji ýylyň başyndan bäri bank ipoteka karzy boýunça başlangyç töleg serişdelerini çekmekligi ýola goýdy. Nagt pul serişdelerini çekmeklik işjeňliginde bank howpsuzlyk şertlerini berk talap edijilik düzgüninde üpjin edýär. Türkmenistanda Bankara walýuta birjasynyň işiniň dikeldilmegi, hojalyk subýektleriniň hasaplaşyk hasaplaryny açmaklary bilen bankda çekilen serişdeleriň artmagyna getirdi. Halka daşary ýurt pulundaky pul geçirimlerini ugratmak we kabul etmek üçin “Western-Union”ulgamynyň hyzmatlary ýola goýuldy. Şeýle-de daşary ýurt walýutasynyň alyş –çalyş nokatlary bankda we bankyň çäginden daşary hereket edýär. Bank öz müşderisi bilen gatnaşygy hyzmatdaşlyk ýörelgesinde gurnap, olara hyzmatlaryň täze görnüşlerini, ýagny girew üpjünçiliginde marketing barlamasy, täjirçilik meýilnamalaryny taýýarlamak ýaly görnüşleri hödürleýär. TTB “Prezidentbanky” geljekde bank hyzmatlarynyň görnüşini giňeltmek maksady bilen bank ulgamynda 5 ýyl möhlet bilen maliýe lizing amallary ýola goýmaklygy göz öňünde tutýar. Mundan başga-da daşary ýurt walýutasynda karzlary meýilleşdirýär.
Bank her aýda öz maliýe–hojalyk işjeňligininiň netijesini jemläp, bank düşewüntligine, girdejileriň durnuklylygyna, töwekgelçiligi peseltmek we başga-da birnäçe bank görkezijilerine, şeýle-de esasy gaznalaryň we serişdeleriň ulanyş amatlyklaryna seljerme geçirýär. Bank hemişe: - harajatlaryň gurluşy we olaryň düzüminiň göwrümini; - bankyň aktiwleriniň we passiwleriniň gurluşynyň ýütgemegini; - bank işjeňligini üznüksiz ýagdaýda üpjin etmeklikligi gözegçilikde saklaýar.
Bank öz ösüş dowamlylygynda, özüne degişli ähli taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmaklyga şert döredip, bank ulgamyna maksatlylyk, dolandyrmaklyk ýaly häsiýetler mahsus bolup, geljekde balans peýdany ýokarlandyrmaklygy maksat edinýär.
|
|
|